«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024
Türkmen topragy zehinlilere baýdyr, her bir maşgalanyň diýen ýaly öz artistleriniň — aýdymçylarynyň, sazandalarynyň ýa-da tansçylarynyň bardygy geň däldir. Olaryň döredijiligini ösdürmek üçin mümkinçilikleri açmak ýaş zehinleriň ýakynlarynyň, olaryň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň hem-de medeniýet işgärleriniň wezipesidir, sebäbi milli medeniýetimiziň okgunly ösmegi dörediji adamlaryň yhlasyna, döwlet tarapyndan zehinli çagalaryň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde saz çalmagyň we diňlemegiň ynsan saglygyna hem oňyn täsir edýändigi lukmanlaryň ylmy barlaglary esasynda subut edilen durmuş hakykatydyr. Türkmen halkynyň taryhyna nazar aýlasaň, gyzamyk çykan çaga saz diňledilendigi, eneleriň hüwdüsiniň bolsa ýakymly owaz bolup, her bir ynsanyň gulagynda ýaňlanyp durýandygy aýdym-sazyň ähmiýetini açyp görkezýändir.