Üns beriň, bäsleşik!

31 Ýanwar 2024
683

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimligi, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilelikde «Magtymguly Pyragy — ýaşlaryň ylham çyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmelidigi barada aýdyp: «Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýmek bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda öňde goýýan belent wezipelerinden we ýaşlara bildirilýän uly ynamdan ugur alyp geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemini wasp etmekden, edebi we çeper-publisistik eserleriň üsti bilen şahyryň döredijilik dünýäsine çuňňur aralaşmakdan hem-de Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligini wagyz etmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar