Milli senenama

31 Ýanwar 2024
1356

«Gyşy gyşsyramadygyň...»

Halkymyzyň milli senenamasy boýunça kiçi çille 20 gün dowam edip, 17-nji ýanwardan 7-nji fewrala çenli aralygy öz içine alýar. Bu döwürde ýagan gar ýerde uzak wagt ýatýar. «Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz» diýilýär. Gar ýerde köp ýatsa, şüdügärlenen ýeri bozukdyrýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňýär, ony yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar. Gar güýzlük bugdaýy aýazdan goraýar. Garyň aşagynda ýatmak güýzlük bugdaý üçin gorkuly däl. Bugdaýly meýdanda gar eränsoň, onuň irbaharda ösüşi üýtgeşik bolýar. Ol gollaryny gerip, gününi sanap pajarlap ösüp başlaýar. Sebäbi onuň düýbünde ýeterlik yzgary bar.

Bekmyrat BABAÝEW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar