Tutanýerli zähmetiň datly miwesi

29 Ýanwar 2024
1602

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy düzümi oba hojalygy pudagynda uly üstünlikleri gazanýar. Bu ugurda ýyladyşhana hojalyklary bilen baglanyşykly gazanylan öňegidişlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Möhüm pudakda ýetilen sepgitlere mysal hökmünde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýyladyşhana toplumyny döredip, sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak arkaly halkara derejede at-abraýa eýe bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerini görkezmek bolar.

Paýtagtymyzdan çykyp, dag etegini syryp gidýän ýol boýunça, gündogarlygyna ýola rowana bolanyňda Kaka etrabynyň çägindäki bag-bakjaly meýdanlar, ýyladyşhanalar ünsüňi çekýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanalar toplumy hem şu sebitde ýerleşýär. Birnäçe ýylyň dowamynda dürli ugurlarda iş alyp baran hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda ähli ünsüni oba hojalygyna gönükdirdi. Hut şol ýyl «Ýigit» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden uzak möhletleýin esasda 1 müň gektara barabar ýer bölegi ulanylmaga berildi. Işjanly işewürler bu ýerde ilkibaşda arpa, bugdaý, dary, mäş, mekgejöwen ýaly ekinleri ekmäge girişdiler.
2019-njy ýylyň başynda bolsa şol ýerde meýdany 10 gektara barabar ýyladyşhana toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Hut şonda düýbi tutulan meýdany 24 gektara barabar sowadyjy ulgamly ýyladyşhanalar bolsa, şol ýylyň ahyrynda ulanyşa girizilendir. Soňky ýyllarda pomidor ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe toplan hojalyk jemgyýeti ýene 40 gektara barabar ýyladyşhanalar toplumyny kärendesine aldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda umumy meýdany 64 gektara barabar ýyladyşhanalar toplumynda 800-den gowrak iş orny döredildi.

Ýazga geçiren: Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar