“Samsung” kompaniýasy “Galaxy S24” seriýasyna degişli smartfonlary tanyşdyrdy. Ýapon kompaniýasy “Google” bilen bilelikde “Gemini” atly emeli aň tehnologiýasyny telefona ornaşdyrdy. Şeýlelikde koreý brendi “Galaxy AI” atly emeli aň tehnologiýasyny smartfony ornaşdyryp, bu ugurda dünýäde birinji boldy.
ABŞ-nyň Kaliforniya ştatynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda “Galaxy S24” modeliniň jemi üç nusgasy görkezildi. Üç modeliň ählisinde ornaşdyrylan “Galaxy AI” atly emeli aň modeliniň dile düşünmek, terjime etmek, surat döretmek we kodlamak ýaly “döredijilik ukyby” bar.