Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna lebaply çagalaryň ýene-de ikisinde çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi.
Has takygy, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde biziň welaýatymyzyň ýaşaýjysy bolan 6 ýaşly çagajykda ortopediki we hirurgiki operasiýalar üstünlikli geçirildi. Halkara kardiologiýa merkezinde bolsa Gündogar sebitiň 14 ýaşly ýaşaýjysy ýürek näsazlygy bilen bagly çylşyrymly operasiýany üstünlikli geçirdi.