Giň dünýäniň geň habarlary

10 Ýanwar 2024
463

Ýylyň reňki

Reňkler bilen iş salyşýan «Pantone» amerikan instituty täze ýylyň öwüşgini hökmünde açyk mämişi reňki saýlady. Institutyň teswirine görä, bu reňk içki rahatlygy, bitewüligi alamatlandyrýar. Bu institut reňk utgaşmalaryny we ölçeglerini öwrenýär, şeýle hem nysaga öwrüljek reňkleri salgy berýär. Onuň hünärmenleri reňkleriň durmuşymyza ýetirýän täsirini hem öwrenýärler. Ýigrimi bäş ýyldan bäri institut ýylyň reňkini kesgitläp gelýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar