Üns beriň, bäsleşik!

9 Ýanwar 2024
672

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşik ene-mamalarymyzdan miras galan edim-gylymlara, däp-dessurlara belent sarpany kemala getirmek, halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini has-da kämilleşdirmek we wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, şol sanda döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler. Oňa hödürlenen makalalarda, çeper oýlanmalarda, goşgularda, hekaýalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlar hakda edilýän aladalar, eziz enelere, mähriban zenanlara goýulýan sarpa, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärine söýgi öz beýanyny tapmalydyr.

Beýleki habarlar