Jümle-jahan habarlary

20 Dekabr 2023
946

Iň köp satylýan we ygtybarly ulaglar

Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň arasynda başky orny Ýaponiýanyň Toýota Corolla awtoulaglary eýeleýär. Her ýylda bu ulaglaryň 850 müň sanysy satylýar. Ýeri gelende Toýotanyň dünýänyň awtobazarynyň 11,6 göterimini eýeleýändigi, bu görkezijiniň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy bellärliklidir. Munuň özi, ilkinji nobatda, bu ulaglaryň ygtybarlydygy bilen baglanyşyklydyr. Meşhur kompaniýanyň ulaglarynyň her ýylda 1 million 874 müň sanysy özüniň eýelerini tapýar. Dünýä boýunça iň ygtybarly awtoulaglaryň başky onlugynda bu kompaniýanyň ulaglarynyň dördüsi bar. Olar Lexus GX 460, Toýota Prius Prime, Toýota Prius, Toýota Highlander kysymly awtoulaglardyr.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar