Abadan ýaşaýşyň güwäsi

18 Dekabr 2023
2111

Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz Watanymyzyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri. Ekologik abadançylyk bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda tagallalary birleşdirmäge ymtylýan ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berýär.

Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly milli strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şeýle-de Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň onlarçasyny tassyklady. Döwletimiziň ýokary derejeli forumlarda öňe süren başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral meselesiniň aýry-aýry ugurlaryny ýüze çykarmak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly teklipleri görkezmek bolar.

«Watan».
Beýleki habarlar