«Gözüm görmüş Hindistan...»

15 Dekabr 2023
810

Ýakynda Nýu-Delidäki Hindi halkara merkezinde Hindistan — Merkezi Aziýa gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmen-hindi medeni gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypalaryň birine öwrüldi. Bu gün dünýäniň gadymy medeniýetleriniň dörän ýerleriniň biri bolan Hindistanda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny hindi dilinde okamak mümkinçiligi döredi. Bu waka ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Türkmen-hindi medeni gatnaşyklary öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Mälim bolşy ýaly, dünýä siwilizasiýalarynyň dörän ýerleri diýlip ykrar edilýän Mesopotamiýanyň, Müsüriň, Hytaýyň we Hindistanyň hatarynda Margiana hem bar. Elbetde, dünýäniň bu medeni merkezleri biri-birleri bilen özara gatnaşykda bolupdyrlar. Altyndepe we Harappa siwilizasiýalary Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň bürünç asyry döwründen gözbaş alýandygyny görkezýär. Beýik Kuşan döwleti döwründe Demirgazyk Hindistan, Pakistan, Owganystan we Merkezi Aziýa sebiti has hem ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Kuşan döwleti dini garaýyşlarynyň, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň dürli-dürlüdigine garamazdan, bu halklary birleşdiripdir.

Toýly MUHYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar