Umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklary sarpalap

13 Dekabr 2023
1019

Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni-ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Bu gurama bilen hyzmatdaşlygy mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işler bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine diňe şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza gelip gowşan hoş habarlaryň mysalynda-da anyk göz ýetirmek bolýar. 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde bolsa Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar göwünleri ganatlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri BMG-niň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň, «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalar, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr», «Repetek» goraghanalarynyň we «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bitarap ýurdumyz 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlansa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi baş şäherimiziň özboluşly şähergurluşyk ýörelgeleriniň, bezeg aýratynlyklarynyň we adamlaryň ýaşaýşy, oňaýly dynç almaklary üçin döredilýän şertleriň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, bu ugurdaky işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Dünýägözel TÄÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.
Beýleki habarlar