Sanly bilim ulgamy – döwrebap mümkinçiliklere badalga

8 Dekabr 2023
902

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen, ulgamy halkara ülňülere laýyklykda sanlylaşdyrmak işleriniň alnyp barylmagy netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Şu maksat bilen ýörite bilim portallary döredilip, raýatlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwletimiz tarapyndan işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär.

Beýleki habarlar