AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar

8 Dekabr 2023
980

Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ paýtagtymyz, ak mermerli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we edara-kärhanalaryna häzirki zaman GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasyny ulanmak bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary hil derejede amala aşyrmagyny dowam edýär.

Beýleki habarlar