Ýiti respirator keseliň döremegine getirýän wiruslar daş-töweregimizi hemişe gurşap alýar. Ol tiz özgermek ukybyna eýe bolansoň, bu kesel, häzir bolmasaň, gaýta-gaýta degip bilýär. Wirus diýseň çalt ýaýraýar. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýokuşýar.
Ýiti respirator keseli ýüze çykanda bedeniň gyzgyny ýokarlanyp, kelleagyry, bogunagyry döräp başlaýar. Ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edýär.