Sanly ulgam — ösüşleriň özeni

29 Noýabr 2023
730

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda önümçilige täze döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Kämil tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we işleriň netijeliligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmeginde hem-de elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagynda 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek bilen elektron töleg serişdeleriniň peýdalanylmagy arkaly hyzmatlar ulgamy barha giňeldilýär. Maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň ösmegi bilen wagtyň hem-de serişdeleriň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly elektron resminama dolanyşygyny girizmek bilen birža söwdalaryny internet ulgamyna onlaýn tertipde geçirmek, «bir penjire» ulgamyny döretmek, olaryň ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler üstünlikli alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, «Elektron hökümet» düşünjesi köp taraply bolup, häzirki zaman döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly gözegçilik etmegi aňladýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar