Sanly tehnologiýalar

28 Noýabr 2023
768

Häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň toplumlaýyn maksatnamalarynyň ýokary depgini we üstünlikli amala aşyrylmagy, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýar. Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär. Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, sebitimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit, milli maýa goýum taslamalarymyz bar.

Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirkizaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de halk hojalygy toplumynyň dürli ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi. Şoňa görä-de, maglumat önümlerini, aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynyň birine öwrülýär. Onuň netijeli işlemegi bolsa beýleki pudaklaryň ösüşine, umumylykda, makroykdysady ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär.

Şirin SAÝYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar