Söwda hyzmatlary sanlylaşdyrylýar

26 Noýabr 2023
887

Türkmenistanda dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ilata edilýän hyzmatlaryň tölegleri sanlylaşdyrylyp, sanly marketing, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk ýaly möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň amatly mümkinçilikleriniň hatarynda elektron söwda hyzmaty-da halkymyz üçin örän bähbitli hem elýeterlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda internet söwda dükanlary döredilip, onlaýn söwda hyzmatlary giň gerimde ýola goýuldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar.

Silapberdi NURGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar