Saglygy goraýyş ulgamynda wirusly gepatit bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin geçirilýän öňüni alyş çäreleri toplumlaýyn häsiýete eýedir.
Ýurdumyzda wirusly gepatitiň epidemiologiki gözegçiligi üstünlikli ýola goýuldy. Wirusly gepatitli näsaglary bejermek üçin kliniki beýanlara laýyklykda, häzirki zaman dermanlary satyn alynýar we paýlanylýar. Serologiki we molekulýar usullary ulanyp, wirusly gepatiti kesgitlemek boýunça barlaghana anyklaýyş ulgamy döredildi.