Innowasiýalar dünýäsinde täzeçil çözgütler

23 Noýabr 2023
823

Golaýda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek, bu ugurda hyzmatdaşlaryň dialogy işjeňleşdirmek, dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Forumyň çäginde «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan yglan edilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, indi dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýär. Şu ýyl 7 ugur — saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ugurlary boýunça guralan bäsleşige jemi 317 iş hödürlenip, şolardan 42-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere degişli diplomlar we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýagmyr BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar