Adam hem tebigat: ählumumy aladalar, tutumly başlangyçlar

22 Noýabr 2023
2147

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlar halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamagyň täsirli guraly, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny öňe sürdi.

Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy hem bar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli ähmiýet bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda azyk howpsuzlygy boýunça forumy çagyrmak başlangyjy-da öňe sürüldi. Şunuň ýaly strategik çemeleşme howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barmaga mümkinçilik berer. Şeýle başlangyçlar ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmäge hem-de ondan ýerlikli peýdalanmak babatdaky meseleleri sebit derejesinde öňdengörüjilikli, oýlanyşykly çözmäge ýardam eder. Netijede, bu ugurda amal ediljek hukuk, ykdysady we guramaçylyk işleri sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdiriler. Has takygy, meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işleri amala aşyrmagyň mümkindigi ýa-da çäklendirmeleri hakynda degişli karary kabul etmek maksady bilen, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň göni, gytaklaýyn hem-de gaýry netijelerini ýüze çykarmak, seljermek we hasaba almak boýunça işler ulgamlaşdyrylar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar