TM-CELL «Altyn Asyr» türkmen raýatlaryna täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi

11 Noýabr 2023
955

TM-CELL «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy Aşgabatda geçirilen «Türkmentel-2023» halkara sergisinde öz müşderilerine täze hyzmaty — wirtual belgileri hödürledi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, wirtual belgi fiziki enjam (SIM karta) bilen baglanyşykly bolmadyk jübi telefony ýa-da stasionar telefonyň belgisi bolup durýar.

Wirtual sanlary QR kody arkaly işjeňleşdirip bolýar. Munuň üçin internete birikmeli we QR-y skanirlemeli, soňra SIM-kartany smartfonyňyzyň sazlamalarynda işjeňleşdirmeli.

Beýleki habarlar