Bedenterbiýe we sport döwrümizde durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Bedeniň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin trekerler, «akylly» trenažýorlar, sport görkezijilerini seljerýän ulgamlar, wirtual we goşmaça hakykat tilsimatlary hem-de beýleki tehnologiýalar bütindünýä sport senagatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Sport muşdaklaryna saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga, bedeniň işini gözegçilikde saklamaga we has ýokary netijeleri gazanmaga kömek edýän enjamlaryň sany ýyl geçdigiçe artýar.