Tehnologiýalar – kämilligiň serişdesi

10 Noýabr 2023
971

Bilermenler geljekde sport we bedenterbiýe ulgamynyň meşhurlygynyň barha artjakdygyny belleýärler. Az hereketlilik zerarly, bedeniň agramynyň artmagy häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda esasy meseleleriň biridir. Innowasion tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ulanyjylarda degişli goşundylaryň we enjamlaryň sany näçe köp bolsa, bu ulgam şonça-da çalt öser.

Häzirki wagtda ýüregiň, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini ykjam mobil enjamlar arkaly seljermäge ýardam edýän tehnologiýalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanmak maksat edinilýär. Şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryny tälimçi hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri artýar. Bulardan başga-da, wideogözegçilik ulgamlary arkaly türgenleşiklere gatnaşýanlaryň hereketlerini seljerip, olaryň maşklary dogry ýerine ýetirişine baha bermek mümkinçiligi girizilýär. Mahlasy, täzeçil tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň netijeliligini, meşhurlygyny artdyrmaga, elýeterliligini ýokarlandyrmaga, ozal çylşyrymly bolan wezipeleri ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Bu bolsa ulgamyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Muhammetnur ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar