Ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň banklarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde nagt pullary peýdalanmazdan, satyn alnan harytlar ýa-da peýdalanylan hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak barha ýeňilleşýär. Şunda ykjam telefonlar üçin niýetlenen «NFC» we «QR-kod» tehnologiýalaryna esaslanýan ýörite maksatnama ulgamlarynyň ähmiýeti uludyr. «NFC» ulgamy bank kartlaryny, smartfonlary, sagatlary ýa-da beýleki enjamlary töleg terminallaryna degirmezden, hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. Satyn alyşlary we hasaplaşyklary täze derejä çykarýan ulgamyň meşhurlygy bütin dünýäde artýar.