Türkmenistana gelýän, onuň çäklerinden üstaşyr geçýän ýük awtoulag tirkegleri hem-de ýarym tirkegler üçin ýygymlar we tölegler bellendi

10 Noýabr 2023
753

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary yurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäklerden üstaşyr geçyän ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan ýygymlar we tölegler bellenildi, ýagny Türkmenistana gelen ýagdaýynda 150 ABŞ dollary we onuň çäklerinden üstaşyr geçen ýagdaýynda 100 ABŞ dollary  möçberde ýygymlar we tölegler kesgitlenildi.

Şu agzalan Karar 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryndan herekete giryär.

Beýleki habarlar