Daşary ýurt dillerini öwrenmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

8 Noýabr 2023
764

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň milli ölçeglere we halkara ülňülere laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny bilim edaralarynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygynda hem görmek bolýar. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda kompýuter tehnologiýasynyň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň biri hem kompýuterlerdir.

Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan isleg has-da artdy. Beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda rus dilini öwretmekde tehniki serişdeleriň yzygiderli ulanylmagy oňyn netijeleri berýär. Tehniki serişdeler arkaly döredilýän prezentasiýalardyr wideoşekiller okuwçylaryň daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Orta mekdepleriň başlangyç we ýokary synplarynda döwrebap tehnologiýa serişdeleriniň yzygiderli ulanylmagy okuwçylarda kompýuter sowatlylygyny artdyrýar. Rus dili sapagynda häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp, okuwçylaryň bu dili çuňňur öwrenmeklerini gazanmaga ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Okuwçylar bu dili öwrenmek üçin öz noutbuk kompýuterlerinde ýerleşdirilen maglumatlardan peýdalanyp, esasan şol dilde ýazyp, okap, terjime edip bilmäge we öwrenilýän dilde ses ýazgylary diňlemäge, wideoşekillere tomaşa etmäge mümkinçilik tapýarlar.

Beýleki habarlar