Ekologiýa abadançylygy – tebigatyň gözelliginiň özeni

6 Noýabr 2023
1630

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Ynha, şonuň üçin hem her ýylda ýurdumyzda bag ekmek dabaralary rowaçlandyrylýar, halkymyz bu asylly işe işjeň gatnaşýar. Çünki, tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak düşünjesi ata-babalarymyzyň paýhas gazanynda gaýnap, nesilleriň aň eleginde süzülip, ýol-ýörelge hökmünde biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen maddy we ruhy baýlygymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygy babatdaky başlangyçlarynyň ilerlemegine aýratyn üns berýär. Bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Türkmenistan ekologiýa boýunça çözgütleriň kabul edilmegi babatda umumy ýörelgeleri berkidýän köptaraplaýyn halkara ylalaşyklarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar