Jümle-jahan habarlary

8 Noýabr 2023
786

Ýylyň iň gowy binasy yglan edildi

Bütindünýä binagärlik festiwaly 2023-nji ýylyň iň gowy we täsin binalarynyň sanawyny yglan etdi. Festiwala dünýäniň iň täsin binagärlik düzümleriniň 1000-den gowragy gatnaşdyryldy. Sanawda birinjiligi Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Quay Quarter Tower binasy eýeledi. Beýikligi 206 metr bolan bu minaranyň gurluşy biri-biri bilen sepleşýän sütünleriň 5-sinden ybaratdyr. Ol diňe bir daşky gurluşynyň kaşaňlygy bilen däl, eýsem, içki bezegleri bilen özboluşly gözelligi emele getirýär. Quay Quarter Toweriň otaglarynyň gurluş aýratynlyklary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ofis merkezleri üçin niýetlenilen bina 45 gatdan ybaratdyr.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar