512 GB fleş-ýady bolan iň arzan smartfon bilen tanşyň

5 Noýabr 2023
739

«Oppo» kompaniýasy «A2 5G» smartfonyny 12 GB OÝE (operatiw ýat enjamy) we 256 GB fleş-ýatly 232 amerikan dollar baha bilen satuwa çykarýar.

12 GB OÝE hem 512 GB fleş-ýatly smartfon bolsa bary-ýogy 246 dollara durýar. Bu bazardaky 512 GB ýady bolan iň arzan smartfondyr. Emma müşderiler töleýän pullaryny diňe fleş-ýat üçin bermeýänlerine-de düşünmelidir. Meselem, smartfonda «SoC Dimensity 6020» hem ornaşdyrylan. Şeýle-de 6,72 dýuým diagonally Full HD+ ýokary ýagtylyga eýe bolan 90 gerslik IPS ekran bilen üpjün edilendir. Bularyň üstesine «Samsung S5KJN1» datçigi bolan 50 megapiksellik kamera, 33 watt zarýad berijisi bolan 5000 mAs göwrümli akkumulýatory, stereodinamika, gulak ýerleşdirmek üçin oňaýly ýeri we IP54 çyglylykdan goraýjysy-da bar.

Taýýarlan: Şatlyk ATABAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar