Hormatly Prezidentimiz «Türkmentel-2023» halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

6 Noýabr 2023
742

9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenişi ýaly, bu foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar