Ýaşyl ekologiýa — gözel ýaşaýyş

1 Noýabr 2023
1376

Her güni ösüşlere beslenýän Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu derwaýys işi hemişe üns merkezinde saklaýar. Ata Watanymyzda saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň oturdylmagy, tokaý zolaklarynyň döredilip, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy oňyn netijesini berýär. Ylhamyňa ylham, ýüregiňe joşgun berýän gür baglyklar göwnüňi göterýär. Güneşli Diýarymyzy  bagy-bossanlyga beslemek, tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak ählimiziň borjumyz bolup durýar.

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň gözelliklerini gorap saklamagy elmydama üns merkezinde saklan ata-babalarymyz ýaşyl baglaryň ajaýyp tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdir. «Bagym bar, barym bar», «Bag — barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýen nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr.

Oguljennet Annageldiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar