Gök önümleri kesýän enjam

27 Oktýabr 2023
1087

Gök önümleri kesýän gural önümleri çalt we gelşikli kesmäge kömek edýär. Bu guralyň taryhyna ser salanymyzda, onda gök önümleri kesmek üçin diňe pyçagyň ulanylandygyny, ýöne iri zatlar kesilende, pyçak bilen kesmegiň kyn bolandygyny, onuň ele zeper ýetirip bilmek ähtimallygynyň bardygyny bilýäris. Şeýle bolansoň, gök önüm kesýän täze guraly oýlap tapmaklyga girişilýär. XVI asyrda Rim Papasy Piýa VI-nyň baş aşpeziniň aşpezlik hakyndaky kitabynda gök önümleri kesmek üçin tagtajygyň we päkiniň suraty çekilipdir. Warfolomeý Skappi gök önümi elde kesýän ilkinji guralyň şekilini oýlap tapýar. 1540-njy ýylda fransuz Fransua Bulýe gaty peýniri ownatmaga niýetlenen aşhana gyrgyjyny oýlap tapýar.

Russiýada XVIII asyrdan gök önümleri, kömelegi, eti, kelemi kerçemek üçin iki gyrasy gyşardylan uly pyçaklar ulanylyp başlanýar. Pyçagyň sapy agaçdan ýa-da agyr metaldan bolupdyr.

Isgender ÝARMÄMMEDOW,
Beýleki habarlar