Sanly bilim ulgamy – döwrebap ösüşiň gönezligi

26 Oktýabr 2023
862

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ähli ýeňillikleri döredýär. Şunda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemelidiris.

Beýleki habarlar