Jümle-jahan habarlary

25 Oktýabr 2023
632

Geljegiň ulagy
Awstriýanyň Сyclo Tech kompaniýasynyň öndüren täze aeromobili «geljegiň ulagy» diýen derejä eýe boldy. «CruiseUp» diýlip atlandyrylan bu döwrebap ulagyň agramy 80 kilogram bolup, ol howada deňagramlylygy saklamakda we ýere gonmakda beýleki uçar görnüşli ulaglardan ep-esli tapawutlanýar. Bu ulaglary dolandyrmak köp güýji, uzyn uçuş-gonuş zolagyny talap etmeýär. Iki ýolagçy orunlyk ulaglaryň uzynlygy 6,7 we ini 3,3 metrdir. Onuň aňrybaş tizligi sagatda 150 kilometre barabar bolup, ol 100 kilometre çenli aralygy geçmäge ukyplydyr. Kompaniýanyň bu ulaglary diňe bir owadan görnüşe eýe bolman, eýsem, ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin döredilen oňaýlyklary hem özünde jemleýär.

Täsin görnüşli diň
Täsin binagärlik çözgütleri bilen tanalýan Saud Arabystanynda täze diň gurulýar. Ýurduň Troýen daglyk syýahatçylyk merkezinde, deňiz derejesinden 1500 metr belentlikde bina edilýän kristal görnüşli bu täsin diňiň beýikligi 330 metre barabar bolar. Ol köpsanly kristal sütünlerden ybarat bolup, onuň düzüminde tomaşa ediş meýdançasy we restoran bolar. Şonuň ýaly-da täsin binanyň içinde Saud Arabystany bilen ýakyndan tanyşmak üçin syýahatçylara başga-da giň mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Diňiň gurluşygyny 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar