«Türkmenpoçta» Türkmenabatdaky şahamçasynyň üsti bilen ýükleri ibermek hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär

23 Oktýabr 2023
574

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna Türkmenabat şäherindäki demir ýol menziliniň çäginde hususy ýük bölüminiň bardygyny habar berýär.

«Türkmenpoçtanyň» Türkmenabatdaky ýük bölümi Türkmenistanyň çägindäki ähli demir ýol ugurlaryna dürli ululykdaky we agramdaky ýükleri hem-de ýollamlary iberýär. Şeýle hem bu bölüm ähli welaýatlardan demir ýol ulagy arkaly iberilýän ýükleri kabul edýär.

Beýleki habarlar