Ýapon alymlary elektroulaglara swetoforda simsiz zarýad beriş ulgamyny synagdan geçirýärler

22 Oktýabr 2023
738

Elektroulaglar üçin infrastrukturany ösdürmegiň täze tapgyry Ýaponiýanyň ýollarynda başlap biler. Ýakynda Ýaponiýanyň Çiba hem-de Tokio uniwersitetleriniň gözlegçileri swetoforlarda ýoluň ýüzüne integrirlenen simsiz zarýad ulgamyny ösdürmek ugrundaky taslama girişdiler.

Deslapky gözleglere görä, awtoulag bu ulgamyň örtüginde bary-ýogy 10 sekunt durýan halaty goşmaça bir kilometri geçmäge ýeterlik zarýad alar. Bu täzelik elektroulaglaryň önümçiliginde-de ençeme öwrülişikleriň döremegine sebäp bolup biler. Öndürijiler her swetoforda gysga wagtyň dowamynda ýygy-ýygydan zarýad bermek mümkinçiligi üçin elektroulaglara has az kuwwatly batareýalary ornaşdyrmaly bolarlar.

Tahura AKBAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar