BMW «iX5» wodorod awtoulaglaryny synagdan geçirýär

22 Oktýabr 2023
748

Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe sebitinde şu ýylyň fewral aýynda satuwa çykarylan «BMW» kompaniýasynyň wodorod bilen işleýän «iX5» awtoulaglarynyň synagy dowam edýär. Kompaniýanyň hünärmenleri Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) geçirilen synagda ýolagçy awtoulagynyň ilkinji gezek 45°C (113°F) temperaturada hereket edip, synaglardan üstünlikli geçendigini aýdýarlar.

«BMW iX5» ulgamynda uglerod süýümli demir plastmassadan ýasalan goşa 700 tank bolup, olaryň hersinde, ortaça, 6 kilogram wodorod ýangyjy bardyr. Ulgam 125 kWt/170 at güýji bilen ýangyjy elektrik toguna öwürýär. «BMW» wodorod awtoulagynyň sagatda 0-dan 100 km/sag (0-60 mil) tizlige ýetmäge alty sekundyň içinde tizligini artdyryp bilýändigi iň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Begenç MERETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar