5G ýokary tizlikli internet stansiýalary guruldy

22 Oktýabr 2023
712

Sanly ykdysadyýetiň hem-de «akylly» tehnologiýalaryň ösmegi bilen, dünýäniň ençeme ýurtlary ýokary tizlikli 5G internet ulgamyna geçmegi tizleşdirýärler. Ösen ýurtlaryň öňdebaryjylarynyň biri-de Hytaý Halk Respublikasydyr. Ýurtda şu ýylyň sentýabr aýyna çenli 3,19 million sany 5G stansiýalary ornaşdyryldy.

Hasabatda geçen aýa çenli hytaýlylaryň her 10 müňüsiniň 22,6 5G stansiýasynyň bardygy aýdylýar. Magdançylyk, elektrik üpjünçiligi hem-de beýleki senagat pudaklarynda 5G-niň ulanylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we çykdajylary azaltmaga şert döredýär. 5G internetini ulanmak arkaly ýokary tizlikli wideolar, giňeldilen hem-de wirtual hakykat hyzmatlary pudagyň düşewüntliligini we önümçilik yzygiderliligini ýokarlandyrýar.

Aýgül ALLANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Beýleki habarlar