«Google Chrome» ýalňyş gözleg ýazgylaryny ýüzugra düzedýär

22 Oktýabr 2023
883

Innowasiýa tehnologiýalarynda iňňän ýokary tizlikde gazanylýan özgerişlikleriň köpelmegi bilen «Google» kompaniýasy hem täze hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegini dowam edýär. Ýakynda kompaniýa ulanyjylaryň brauzerinden gözleg üçin ýazan ýazgylarynyň ýalňyşlyklaryny ýüzugra düzetmäge ukyply bolan hyzmatyny işe girizdi.

Şeýlelik bilen, «Google Chrome» brauzeri gözleg sahypasynda ýazylýan tekstlere özbaşdak gözegçilik edip, ýalňyş ýazylan ýazgylary ýüzugra düzeder. Ýagny brauzerde islendik saýtyň ýa-da beýleki maglumatlar üçin gözleg tekstiňiziň ýalňyşlygyny çalyşmak üçin birnäçe ugurdaş sözler görkezilýär. Ulanyjylar şeýle halatda özlerine gerekli dogry teksti saýlap, hyzmatdan örän ýeňillikli peýdalanyp bilýärler. Bu bolsa kompaniýanyň brauzeriniň ulanyjylaryna wagty tygşytlamagyna, gerek gözleglerini gysga sekuntlarda tapmaga we internetden bökdençsiz peýdalanmaga giň mümkinçilik döredýär.

Ahmet ABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar