Täze «akylly» enjamlar

18 Oktýabr 2023
730

ABŞ-nyň meşhur «Google» kompaniýasy tehnologiýalar äleminde emeli aň aýratynlygyna eýe bolan täze «akylly» telefonlary oýlap tapdy. Kompaniýa Nýu-Ýork şäherinde geçiren tanyşdyryş dabarasynda «Tensor G3» çip ýady bilen işleýän täze telefonlary «Pixel 8» we «Pixel 8 Pro» bilen tanyşdyrdy. Kompaniýanyň täze telefonlary emeli aňdan peýdalanmaga we tehnologik çeşmelerini ulanmaga mümkinçilik berer.

Täze emeli aň bilen üpjün edilen telefonlarda ulanyjylar tomaşa edýän wideoýazgylaryny kebşirläp bilerler. Kompaniýa täze «Pixel Watch 2» atly «akylly» sagatlaryny hem görkezdi. Sagat ulanyjylaryň gan basyşynyň gözegçiligini amala aşyrar. Bu «akylly» sagat öz eýelerine ýörişe çykmakda we maşklary ýerine ýetirmekde saglyk maslahatlaryny hödürlär. Tanyşdyrylyş gününden başlap, bu täze enjamlara sargytlar kabul edilip başlandy. Bu täze enjamlar 12-nji oktýabrda ABŞ-nyň söwda nokatlaryna satuwa çykaryldy.

Internet maglumaty esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar