Sanly ulgam — innowasion ösüşiň binýady

17 Oktýabr 2023
986

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň iň wajyp, taryhy ähmiýetli wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky oňyn çözgütler kabul edildi. Döwletli maslahatda gozgalan meseleleriň anyklygy we aýdyňlygy halkymyzda uly gyzyklanma döretdi.

Dörediji, gurujy, oýlap tapyjy, gujur-gaýratly ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýmek bilen, ýaşlara ynanýar, olara bil baglaýar. Ýaş nesliň döwrebap ylym-bilimli, giň gözýetimli bolmagy, täze tehnologiýalardan baş alyp çykmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Häzirki döwürde ylym-bilime sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döredijilikli pikirlenýän, öz hünärine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri olaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny ösdürmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Dünýägözel JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar