Bilimli ýaşlar — ýurduň röwşen geljegi

13 Oktýabr 2023
968

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn bedenli, belent ruhly, giň dünýägaraýyşly, kämil adamlar bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiz kämil ýaş nesillere ata Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar hökmünde örän ýokary baha berýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň many-mazmunly çykyşynda hem aýratyn nygtap belledi. Hormatly Prezidentimiz şol çykyşynda döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we mazmunyny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeleri hem kesgitläp berdi.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamy ýaşlary täze üstünliklere, Watanymyzyň halkara abraýyny dürli ugurlarda has-da belende galdyrýan ýeňişlere ruhlandyrýar. Muňa türkmen talyplarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ýaly dürli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleri-de aýdyň mysallardyr.

Annabaýram ANNABAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar