Gursakda joş alýar Watan söýgüsi

11 Oktýabr 2023
1654

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni kalbyňy heýjana salýan, gursakda köräp duran Watan söýgüsini barha möwjedýän şanly wakalardan, buýsançly hoş habarlardan doly. Baky Garaşsyzlygymyzyň şöhratly taryhynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýan, milli mukaddesliklerimiz hökmünde ýüreklerimize ornaýan bu ajaýyp pursatlar biziň ata Watanymyzyň röwşen ertirlerine bolan ynamymyzy berkidýär, röwşen geljegimiziň hatyrasyna yhlasly hem hyjuwly okamak, gurmak we döretmek höwesimizi artdyrýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öň ýanynda şaýat bolan wakalarymyz hem, «mawy ekran» arkaly eşiden hoş habarlarymyz hem biziň kalbymyzy şeýle bagtly pursatlara gaplady.

Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, ol köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde bolsa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň bardygy biziň baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Ýokary okuw mekdebinde okaýan esasy ugrumyz daş- töweregimizi gurşap alan ekoulgam bilen baglanyşykly bolansoň bu taryhy çözgüt bizde çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän we bütin dünýäniň çöli öwrenijileriniň Mekgesi hasaplanylýan «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň tebigy aýratynlyklaryny içgin öwrenmek biz — talyp ýaşlarda uly gyzyklanma oýarýar. Bu ýerleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi tüýs ýerine düşen çözgüt. Özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen tebigatynyň goralyp saklanylmagy we asyl bolşunda geljekki nesillere ýetirilmegi Galkynyşly döwrümiziň möhüm talaby bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň giňden dabaralanmasydyr. Biz bu taryhy çözgüdiň aňrysynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynyň röwşen ertirleri ugrundaky beýik başlangyçlarynyň ähliadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilip, dünýä möçberinde ykrar edilýändigini, halkymyzyň rowaçly geljegi ugrunda amala aşyrýan tutumly tagallalarynyň wysal tapýandygyny görýäris. Bu bolsa bizi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da berk jebisleşdirýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Gülruh AÇYLOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar