Ekologiýa abadançylygy ugrunda

4 Oktýabr 2023
1747

Ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri aýawly saklamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Şundan ugur almak bilen, tebigaty asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda oýlanyşykly işler amala aşyrylýar. Uzak we ýakyn ýyllary nazarlaýan maksatnamalarda hem bu ugurda toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulandyr. Ýaşyl zolaklary döretmek bilen, tebigy gurşawyň arassalygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, baýlaşdyrmakda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan işleriň uludygyny belläp geçmek gerek.

Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilip, bu ugurda döwrebap kanunlar kabul edilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary muňa mysaldyr. Olar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

Täçsoltan Işangulyýewa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar