Aşgabat halkara howa menzili suw çüwdürimlere tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

3 Oktýabr 2023
669

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili suw çüwdürimlere tehniki hyzmat bermek, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziliniň çägindäki gazonlary, otlary, ýaşyl ýerleri, agaçlary, gyrymsy agaçlary we gülleri abatlamak we suwarmak üçin tender yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 1000 (müň) manat töläp (goşulan baha üçin salgydy we bank harajatlaryny hasaba almazdan) bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny alyň.

Beýleki habarlar