«Yandex» dükanlarynda «Alica» ses kömekçisi arkaly önümleri sargyt etmek hyzmaty ýola goýuldy

1 Oktýabr 2023
875

«Yandex» kompaniýasy üç ýyldan soň ilkinji gezek harytlaryň söwdasy üçin «Alica» ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ýagny «Yandex» dükanynyň müşderileri indi «akylly» enjamlarda ses arkaly azyk hem-de beýleki harytlary sargyt edip bilerler.

Täze funksiýa örän ýönekeý bolup, söwda etmek üçin gerekli önümleriň sanawyny aýtmak, meselem, «pomidor» ýa-da «ýaglylygy 3,2% süýt» diýmek ýeterlikdir. «Yandex» dükanynyň ses arkaly söwda etmek mümkinçiligi häzirlikçe Russiýanyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherleriniň ilaty üçin elýeterlidir.

Taýýarlan: Oguljeren ILAMANOWA,
Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar