Aşgabatda täze awtomobil köprüsi gurlar

31 Awgust 2023
565

Aşgabat şäheriniň demirgazyk – günbatarynda G.Kulyýew bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan ýoluň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsi gurlar. Bu boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigini yglan etdi.

Aşgabadyň täze we iri ýaşaýyş toplumynyň 1-nji we 2-nji tapgyrlaryna barýan ýoluň ugrunda derýa üstünde köpri ozal gurlupdy. Häzirki wagtda bu toplumyň günbatar tarapynda täze tapgyryň gurluşygynyň alnyp barylýandygy üçin bu ýerde toplum üçin ýol-ulag düzümini döretmek zerur bolup durýar.

Beýleki habarlar