Bildiriş

4 Iýul 2023
899

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl ykdysadyýet» («Green economy»), «Akylly oba hojalygy (smart farming), azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligiň yglan edilýändigini habar berýär.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 28-nji iýulyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Beýleki habarlar