Hormatly raýatlar!

13 Iýun 2023
748

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Kaka etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän öz edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Beýleki habarlar